Mundan 120 ýyl ozal şu gün, ýagny 1904-nji ýylyň 21-nji maýynda Fransiýanyň paýtagty Parižde FIFA esaslandyrylýar. Dünýä futbolyny bir ýere jemleýän bu gurama Halkara futbol federasiýalar assosiasiýasy bolup, Belgiýa, Daniýa, Fransiýa, Niderlandlar, Ispaniýa, Şwesiýa hem-de Şweýsariýa döwletleri bilelikde düýbüni tutýar. Germaniýa döwleti ilki jogap bermese-de, giçräk hem bolsa, çakylygy kabul edip, guramany esaslandyryjy agzalaryň hataryna goşulýar. Kem-kemden örüsini giňeldip başlan FIFA-nyň häzirki wagtda 6 yklymda jemi 211 sany futbol federasiýa agzasy bar. Bu bolsa Bütindünýä ýeňil atletika federasiýasyndan soň iň köp agzasy bolan sport guramasy diýmekdir.

Ilkinji prezidenti Robert Guerin bolup, soňlugy bilen gurama häzirki prezidenti Janni Infantino çenli 8 adam ýolbaşçylyk edýär. Şol wezipede iň köp wagtlap oturan Žul Rime bolup, ol Dünýä Kubogynyň esaslandyryjysy hökmünde kabul edilýär.

Häzirki wagtda FIFA-nyň merkezi-edara binasy Şweýsariýanyň Sürih şäherinde ýerleşýär. Häzirki günde Dünýädäki ähli professional futbol, futzal, e-sports, kenarýaka futboly boýunça duşuşyklar, ýaryşlar FIFA-nyň garamagynda, guramaçylygynda geçirilýär.