Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň halkara sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmegi türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin guwandyryjy wakalaryň biridigi, bagtyýar raýatlarymyzyň ajaýyp şäherimize çäksiz söýgüsiniň nyşany bolan bu baýram mynasybetli ata Watanymyzyň paýtagtynyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitlerini görkezmäge mümkinçilik berýän halkara sergini geçirmegiň asylly däbe öwrülendigi bellenilýär.
Bu gözden geçiriliş şähergurluşyk, binagärlik we häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek ulgamlarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, toplanan iş tejribesini we mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hem-de Söwda-senagat edarasynyň guraýan sergisinde özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin iň gyzykly mowzuklar hödürlenýär. Olaryň hatarynda gurluşyk, elektroenergetika, gaýtadan işleýän hem-de ýeňil senagat, azyk senagaty, dizaýn we şäheriň düzümini döwrebaplaşdyrmaga degişli bolan beýleki ugurlar bar. Şeýle hem sergide paýtagtymyzda hereket edýän ululy-kiçili kärhanalar – okuw merkezleri, restoranlar, kafeler, özboluşly sowgatlyk önümleri taýýarlaýan dizaýnerler, gül dükanlary we beýlekiler öz harytlaryny we hyzmatlaryny hödürleýärler.
Sergi ertir öz işini tamamlaýar.