22-nji maý­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ne gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­dew bi­len du­şuş­dy.
Myh­man du­şuş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik hem-de türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin Mil­li Li­de­ri­mi­ze ho­şal­ly­gy­ny be­ýan edip, Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­de deň­hu­kuk­ly, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň mö­hüm or­nu­ny nyg­ta­dy.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si­niň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ni ar­zuw et­di. Bu mej­lis Ar­ka­la­şyk­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin mö­hüm meý­dan­ça bo­lar. Mej­lis­de yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk, ener­ge­ti­ka, inf­rast­ruk­tu­ra hem-de ýurt­la­ry­my­zyň çä­gin­den geç­ýän hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri ýa­ly wa­jyp me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir alyş­mak üçin müm­kin­çi­li­giň bol­jak­dy­gy bel­le­nil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mej­li­siň ne­ti­je­le­ri­niň GDA-nyň gi­ňiş­li­gin­de söw­da-yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum hyz­mat­daş­ly­gy­ny gi­ňelt­mek ba­bat­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge my­na­syp go­şant goş­jak­dy­gy­na ynam bil­di­ril­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gyň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.
Türk­me­nis­tan öz Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na esas­la­nyp hem-de GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy bol­mak bi­len, Ar­ka­la­şy­gyň gi­ňiş­li­gin­de dür­li ul­gam­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de iş­jeň­leş­di­ril­me­gi ug­run­da çy­kyş ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň GDA-nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­ýän sam­mit­le­re, mej­lis­le­re we beý­le­ki çä­re­le­re iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny, yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da, me­de­ni­ýet, sport ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy giň ge­rim­de alyp bar­ýan­dy­gy­ny, ulag, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ryn­da ta­gal­la­la­ryň mun­dan beý­läk-de ut­gaş­dy­ryl­ma­gy ug­run­da çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Me­de­ni-yn­san­per­wer, ylym-bi­lim, sport ul­gam­la­ryn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň mö­hüm­di­gi nyg­tal­dy.
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Türk­me­nis­ta­nyň dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­ma­gy, anyk ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len köp­ta­rap­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi­ni aý­dyp, Ar­ka­la­şy­gyň çäk­le­rin­dä­ki öza­ra he­re­ket­le­ri üs­tün­lik­li ut­gaş­dyr­ýan­dy­gy we GDA-nyň ab­ra­ýy­nyň ber­ki­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýan­dy­gy üçin Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Baş sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­de­we min­net­dar­lyk bil­dir­di.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da Gahryman Arkadagymyz we myh­man bi­rek-bi­re­ge berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk, jo­gap­kär­li iş­le­rin­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di­ler.