24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, mejlisiň işiniň dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigini belledi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, hormatly Prezidentimize, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkmenistanyň bar bolan uly kuwwatyny nazara almak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýeleýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini nygtady hem-de soňky ýyllarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylandygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Iki döwletiň öňe sürýän başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilendigi bellenildi. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda, şeýle hem halkara derejede giňden baýram edilýär. Şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şanly sene mynasybetli ýakynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we şahyryň adyny göterýän täze medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Toplumda dürli ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň heýkelleri ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda Alyşir Nowaýynyň hem heýkeli bar.
Myhman pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Hökümetini we türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýewiň degişli Kararyna laýyklykda, Magtymgulynyň şanly ýubileýiniň Özbegistanda-da baýram edilýändigini aýtdy. Şahyryň goşgulary dostluga we parahatçylyga çagyryp, Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda öz beýanyny tapýar. Medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň, akyldarlaryň heýkelleriniň ýerleşdirilmeginiň türkmen şahyrynyň arzuw eden berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanmagynyň ýene-de bir aýdyň nyşany bolup durýandygy nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini belläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, strategik döwletara hyzmatdaşlygyň mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, umumy bähbidiň hatyrasyna mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.