Pol­şa­nyň Poz­nan şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Adam Mis­ke­wiç adyn­da­ky uni­wer­si­te­tiň ki­tap­ha­na­syn­da sak­lan­ýan do­gan­lar Ýa­kob we Wil­gelm Grimm­le­riň şah­sy kol­lek­si­ýa­syn­dan ola­ryň gol­ýaz­ma bel­lik­le­ri bo­lan 27 sa­ny jilt ta­pyl­dy. Bu ba­ra­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «Dai­ly Ma­il» ne­şi­ri ha­bar ber­ýär.
Do­gan­lar Grim­mle­riň gol­ýaz­ma bel­lik­le­ri, ola­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­ýän bar­lag ge­çi­ri­ji­ler üçin ga­ty mö­hüm­dir. Ikin­ji ja­han ur­şy ýyl­la­ryn­da Grimm­le­riň ki­tap­ha­na­syn­dan ýi­ti­ri­len diý­lip ha­sap­la­nan eser­le­riň göz­le­gi ýa­rym ýy­la go­laý wagt do­wam et­di. Ta­py­lan ki­tap­lar­da do­gan­la­ryň «Gen­zel we Gre­tel» hem «Rum­pelş­tils­hen» ýa­ly he­ka­ýa­lar üçin mow­zuk­la­ry nä­hi­li saý­lap alan­dyk­la­ry­ny gör­kez­ýän gol­ýaz­ma­lar bar.
«Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler bu ýaz­gy­la­ryň do­gan­lar Grimm­le­riň mi­ra­sy­ny çuň­ňur öw­ren­mek üçin gym­mat­ly­dy­gy­ny, se­bä­bi ýaz­gy­la­ryň do­gan­la­ryň iş usu­ly we mow­zuk saý­laý­şy ba­ra­da dü­şün­je be­rip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler» di­ýip, ne­şir ýaz­ýar. In­di ne­mes we pol­ýak bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri ýü­ze çy­ka­ry­lan gol­ýaz­ma bel­lik­li ki­tap­la­ry ka­ta­log­laş­dyr­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki işe gi­ri­şer­ler.

Çemen SEÝIDOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.