Eýranda 28-nji iýunda geçiriljek prezident saýlawy üçin iki adam dalaşgärligini yglan etdi. Ozalky saglygy goraýyş ministri Mesud Pezeşkiýan hem-de Milli howpsuzlyk ýokary geňeşiniň ozalky başlygy Said Jelili dalaşgärligini mälim etdi. Pezeşkiyan häzirki wagtda Töwriziň deputaty.
Ýurduň ozalky Prezidenti Saýed Ebrahim Raisi, daşary işler ministri Hoseýin Amir Abdollahianyň hem-de beýleki resmi adamlar 19-njy maýda dikuçar heläkçiliginde aradan çykypdylar. Şondan soňra Konstitusiýa laýyklykda ýurduň dini lideri Aýetolla Ali Hamaneýiň tassyklamagy bilen prezidentiň wezipesi Eýranyň birinji wise-prezidenti Muhammet Mohberiň üstüne ýüklendi. Konstitusiýa görä, täze prezident 50 günüň dowamynda saýlanmaly. Dalaşgär bolmak isleýänler 30-njy maýdan başlap 5 günüň dowamynda Içeri işler ministrligine ýüz tutarlar.