Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Germaniýada saparda bolýar. Bu sapar Fransiýadan Germaniýa 24 ýyldan soňra amala aşyrylýan ilkinji resmi sapardyr. 26-njy maýda başlan sapar üç gün dowam eder. Prezident Makron Belwýu köşgünde Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmeýer tarapyndan kabul edildi. Duşuşykdan soňra Ştaýnmeýer iki ýurduň hyzmatdaşlyk etmegi bilen Ýewropanyň ýüzbe-ýüze bolýan geosyýasy kynçylyklary ýeňip geçip biljekdigini aýtdy.
Prezident Makron hem-de maşgalasy Brijit Makron Berliniň ýerli häkimiýetiniň başlygy Kaý Wagner bilen şäheriň simwoliki desgalarynyň biri bolan Brandenburg derwezesinden ýöräp geçip, soňra gündogardaky Drezden şäherine bararlar. Soňra bolsa Prezident Makron, hepdäniň ikinji güni Mýunster şäherinde bolar.