Şu gün — 3-nji iýunda paýtagtymyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça guralan welosiped marafony tamamlandy.
Marafon 31-nji maýda Mary şäherinden badalga aldy. Onuň uzynlygy 335 kilometre barabar boldy.
Oňa ýurdumyzyň dürli künjeginden 60-a golaý türgen gatnaşýar. Bu ýörişe gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň welosipedçileri hem bar
Welosiped marafonyna gatnaşyjylar Aşgabatdaky «Welosiped» binasyna geldiler. Bu ýerde bellenen menzili bilen welosipedçiler Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe goşuldylar.
Ýeri gelende bellesek, 3-nji iýunda Watanymyzda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edildi.