Irden hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mübärekleýärler. Sungat ussatlarynyň joşgunly aýdym-sazly kompozisiýasy baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrýar.
Döwlet Baştutanymyz dabara üçin ýörite taýýarlanan zalda täze elektroenergetika desgalarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek maksady bilen, Balkan—Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň açylyp ulanmaga berilýändigini belledi. Şeýle hem Daşoguz şäherinde bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze 200 sany ýolagçy awtobusyny hem sowgat hökmünde gowşurarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşary ýurtlaryň sarp edijilerine ibermek, täze energiýa kuwwatlyklaryny döretmek, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýlaryny gowulandyrmak, hereket edýän bitewi milli energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belledi. Hormatly Arkadagymyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek babatda başyny başlan tutumly işleri häzirki döwürde giň gerimde dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda energetika pudagyny ösdürmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar.
Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna görä pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberi yzygiderli artdyrylýar. Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň işe girizilmegi hem elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz işledilmegine uly mümkinçilik berýär.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynda ýurdumyzyň energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak, elektrik geçirijileriň kadaly işlemegini gazanmak maksady bilen, halkalaýyn ulgamy döretmek wezipesiniň öňde goýlandygyna we bu ugurda netijeli işleriň alnyp barlandygyna ünsi çekdi.
Türkmen energiýa gurluşykçylarynyň ýadawsyz zähmeti netijesinde, bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal—Balkan bölegi 2021-nji ýylda amala aşyryldy. Taslamanyň ikinji tapgyry, ýagny Mary—Ahal bölegi 2023-nji ýylda işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu taslamanyň üçünji tapgyry bolan Balkan—Daşoguz böleginiň gurluşygy hem tamamlanyp, ulanmaga berilýär. Bu tapgyrda her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri hem guruldy. Ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň energetika pudagynyň taryhynda uly wakadyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady.
Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi. Bu bolsa içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we zähmetsöýer türkmen energiýa gurluşykçylaryna bu möhüm taslamany üstünlikli amala aşyrandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz Balkan—Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we täze elektrik beketleriniň işe girizilmegi, şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamynyň halkalaýyn birleşdirilmegi, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra uly monitorda elektrik energiýasyny öwürmek we paýlamak üçin hyzmat edýän elektrik beketleri, şeýle hem Daşoguz we Balkan welaýatlaryny özara birikdirjek täze howa elektrik geçirijisi bilen tanyşdyrýan ýörite wideofilm görkezildi.
Wideofilm tamamlanandan soňra, daşary ýurtly myhmanlara söz berildi. Ilki bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Fraunhofer adyndaky Energetika ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň baş geňeşçisi, doktor Harald Apel çykyş etdi.
Myhman Garagum sährasynyň kyn şertlerinde türkmen energogurluşykçylarynyň şeýle ýokary woltly asma elektrik geçirijisini we beketlerini gurup, ulanyşa taýýar etmekleriniň bu pudagyň işgärleriniň jogapkärli işleriň hötdesinden gelip bilýändiklerine, olaryň baý tejribesiniň bardygyna şaýatlyk edýändigini belledi. Harald Apel halkalaýyn energoulgamy gurmakda ulanylan enjamlaryň ýokary hilini tassyklaýan güwänamany gowşuryp, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.
Soňra GFR-iň «Duisburg-Essen» döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy Bernd Reinhold Rosine söz berildi.
Ol şu günki dabara gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, şeýle iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Garaşsyz Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini aýtdy we halkalaýyn energoulgamyň inženerçilik işleriniň durnuklylygyny, ýokary netijeliligini tassyklaýan güwänamany buýsanç bilen gowşurdy.
Soňra söz nobaty GFR-iň «DEKRA» institutynyň sebitleýin direktory hanym Ýulia Otta berildi.
Myhman Türkmenistana gelip görmek we şu günki dabara gatnaşmak baradaky çakylyga çuňňur hoşallygyny bildirdi we Garaşsyz Türkmenistanda halkalaýyn energoulgamyň döredilendigi baradaky ýakymly habaryň Germaniýanyň bu ylmy-barlag institutynda uly gyzyklanma döredendigini aýtdy. «DEKRA» Energetika hartiýasynyň agzasy bolmak bilen, dünýäde gurulýan energetika desgalarynda ulanylýan tehnologiýalaryň hiline aýratyn üns berýär. Ýulia Otto halkalaýyn energoulgamda gurlan beketleriň ýokary tehnologiýalylygyny we howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamany gowşuryp, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etdi.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler zalyndan çykyp, bu möhüm waka mynasybetli demirgazyk sebitiň ýaşaýjylaryna sowgat berlen täze awtobuslaryň açarlaryny Daşoguz welaýatynyň häkimine gowşurdy.
Häkim sowgat berlen döwrebap awtobuslar üçin welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň, mähriban Watanymyzyň bähbidine alyp barýan ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesýär. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze asma elektrik geçirijisiniň we beketleriň işine badalga beriljek nokada tarap ugraýar.
Döwlet Baştutanymyz ýolugruna «Daşoguz» elektrik bekedinde gurnalan döwrebap enjamlary synlady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.
Bu ýerde ýaş hünärmen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mübärekläp, ýurdumyzda döredilen bitewi halkalaýyn energoulgamyň işi barada gürrüň berdi. Elektroenergetika pudagyny ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi we pudagyň işgärleri baradaky aladalary üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine ýurdumyzyň energetikleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.
Şol bir wagtyň özünde, baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Balkan welaýatyndan ýaş hünärmen sanly ulgam arkaly döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, Balkan—Daşoguz täze elektrik geçirijisini we bu ugurda gurlan elektrik beketlerini işe girizmäge ak pata bermegini haýyş edýär.
Ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurlup ulanmaga berlendigi we bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin pudagyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirildi.
Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz düwmä basyp, täze elektrik geçirijisiniň we elektrik beketleriniň ikisiniň işine badalga berýär. Ekranda olaryň Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna birikdirilýändigi görkezilýär.
Şeýlelikde, elektroenergetika pudagynyň täze, möhüm desgalarynyň — Balkan—Daşoguz ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany elektrik bekediniň işe girizilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de mümkinçilikleriniň nyşanyna öwrülen bitewi energetika halkasyny döretmek boýunça ägirt uly taslamanyň üstünlikli tamamlanandygyny alamatlandyrdy.