5-nji iýunda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.Foruma pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, nebitgaz ugurly işewür düzümleriniň, maliýe institutlarynyň hünärmenleri, bu ulgamda işleýän kompaniýalaryň bilermenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat bu ulgamda işleýän dürli milli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Olar halkara, sebit we ýurt derejesindäki ýangyç-energetika toplumynyň geljegi bilen baglanyşykly strategiýany işläp düzmek meselesi boýunça çykyş etdiler. Şeýle hem dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ugurdaky marketing strategiýalary baradaky seljerme-syn maglumatlary bilen tanyşdyrdylar, toplan tejribelerini, täze işläp taýýarlamalary paýlaşdylar. Maslahatyň maksady Türkmenistanyň daşky gurşawy goramaga hem-de iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy jemgyýetleriň we maliýe institutlarynyň arasynda «ýaşyl» geljege gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
«Energetika mümkinçilikleri, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we jähetleri» atly umumy mejlisiň dowamynda bilermenler bu maslahatyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň geljegine baha bermäge mümkinçilik berýändigini aýdyp, täze tehnologiýalary döretmegiň we arassa energiýa geçmegiň, ileri tutulýan ugurlary gözden geçirmegiň, energetika howpsuzlygynyň, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Mejlisiň dowamynda hünärmenler nebit senagatynyň işiniň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmegiň zerurdygy bilen baglylykda, ulanylýan tehnologiýalaryň adamyň daşky gurşawy goramak işjeňligine goşant goşmalydygyny nygtadylar.
Şonuň üçin nebitgaz ýataklaryny rejeli özleşdirmek üçin täsirli we ekologik taýdan arassa usullaryň işlenip taýýarlanylmagy daşky gurşawy hapalanmakdan goramakda wajyp ähmiýete eýedir.
Soňra maslahatyň işi «Täze tehnologiýalar we energiýa geçişi boýunça geljege bolan garaýyş», «Uglewodorod önümçiliginde metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak», «Ýaşyl» energetikany ösdürmek ugrunda başlangyçlar we maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi.
Ara alyp maslahatlaşmalara wideoaragatnaşyk arkaly iri halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň – BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekilleri hem goşuldylar. Mejlisleriň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegine garşy göreş dünýäniň ýurtlarynda energetika syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülýär. Energetika pudagynyň geljegi, esasan, howanyň üýtgemeginiň nähili çözüljekdigine we belli bir ýurtda hem-de dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine bagly bolar.
Şeýle hem ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ilkinji nobatda, Gün we ýel energetikasy ýaly ýurdumyz üçin möhüm bolan meseleler boýunça çykyş etdiler. Şunuň bilen baglylykda, daşky gurşawa zyýan ýetirmezden, «ýaşyl» tehnologiýalara geçmek göz öňünde tutulýar. Energiýanyň arzan, ygtybarly, döwrebap çeşmelerine giň elýeterliligiň bolmagy ähli ýurtlaryň depginli ösmegi, olaryň halklarynyň abadançylygy üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Zyňyndylary ölçemekde tehnologik innowasiýalaryň ähmiýetine, sanly serişdeleriň we hasaplaýyş hyzmatlarynyň netijeliligine üns çekildi. Olaryň kömegi bilen nebitgaz senagaty parnik gazlarynyň, kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaldyp biler we ýakyn geljekde ekologik taýdan arassa energiýa bilen üpjün eder.
Maslahatda Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejede ösüşini gazanmagy meýilleşdirýändigi, uzak möhletleýin geljekde bolsa hem öz serişdeleriniň hasabyna, hem halkara guramalaryň tehniki we maliýe taýdan goldamagynda her ýylda zyňyndylary ep-esli azaltjakdygy bellenildi. Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmaga taýýardygy, BMG-niň Suw strategiýasyny we BMG-niň Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky öňe süren başlangyçlary aýratyn nygtaldy. Ýurdumyzda ekologik meseleleriň döwlet derejesinde üstünlikli çözülýändigi, şol sanda tokaý zolaklarynyň döredilýändigi, topragyň şorlaşmagyna we çölleşmä garşy göreşilýändigi, her ýyl millionlarça agaç nahallarynyň ekilýändigi bellenildi. 6-njy iýunda Halkara maslahata gatnaşyjylar «Energetiki integrasiýa we söwda arkaly energetika howpsuzlygyny we energiýa ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak» atly maslahatda meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümindäki kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn duşuşyklar geçirildi.