Her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni ylmy barlaglaryň ähmiýetini we olaryň ýurduň ösüşine goşýan goşandyny görkezýän sene hökmünde ähmiýetlidir. 2008-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen bu sene ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmaga, zehinli alymlaryň işini höweslendirmäge we ylmy-tehnologik ösüşi ilerletmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz «Häzirki döwürde ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, amaly endiklerini ýokarlandyrmagyna, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmegine ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir» diýip belleýär. Bu wezipelere laýyklykda, Türkmenistan ylmy-tehniki çygyrda döwlet syýasatyny üstünlikli alyp barýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde düýpli we amaly ylmy barlaglaryň arasyndaky baglanyşygy işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan döwrüň talabyndan ugur alnyp, giň möçberli, köpugurly işler alnyp barylýar. Bu işleri üstünlikli alyp barmak üçin häzirki ösen jemgyýetimizde ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ylmy edaralarynda, ylmy-barlag institutlarda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama merkezlerinde ylmy işler bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredildi. Munuň özi innowasiýa tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy usullaryň we tejribäniň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyna, şeýle hem ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga uly ýardam edýär.
Türkmen halkynyň gadymy maddy we ruhy mirasyny goramak, ony ylmy taýdan öwrenmek we dünýä ýüzünde wagyz etmek, şeýle hem medeni we ruhy gymmatlyklaryň esasynda beýik ynsanperwerlik däp-dessurlaryny we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini aýawly gorap saklamak üçin durmuşa geçirilýän uly möçberli işleriň ählisi Türkmenistanyň dünýä derejesinde ylmy-medeni diplomatiýasyny pugtalandyrmaga hyzmat edýär.
Ylym-bilim ynsanyň aň-paýhasy bilen rowaçlanýar. Ylym ýurduň kuwwatynyň näderejede ýokarydygyny äleme äşgär edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamy görnetin özgerdi. Ylym ähli ösüşleriň binýadydyr, eşretli we bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr. Goý, ýurdumyzyň ylmy kuwwatynyň barha ýokary belentliklere eýe bolmagy üçin dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Döwlet AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we
demokratiýa institutynyň baş ylmy işgäri,
hukuk ylymlarynyň kandidaty.