8-nji iýunda Türkmenistanda ilkinji “Zenan telekeçiler akademiýasy” (AWE) maksatnamasynyň gatnaşyjylary öz telekeçilik taslamalaryny Aşgabat şäherinde biznes bilermenlerine hödürlediler. Bu çäre mart aýynda işe girizilen we Ykdysatçylar birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasyny tarapyndan amala aşyrylan AWE maksatnamasyny jemledi.
Dabarany ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waýda Widugiris we Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň başlygy Ýuriý Aronskiý açdylar. “Biz şu ýyl Türkmenistanyň AWE-niň gatnaşyjy ýurtlarynyň 100-den gowragynyň hataryna goşulandygyna örän begenýäris. Maksatnamanyň diňe Aşgabatda däl, eýsem Amerikan burçlarynyň ýerleşýän Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde hem geçirilendigine aýratyn buýsanýarys” – diýip, Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Widugiris öz çykyşynda belledi. “Bu biziň ykdysadyýeti özgerdip, jemgyýetleri beýgeldip, geljekki nesilleri ruhlandyryp bilýän zenan telekeçileriniň peýdalanylmadyk potensialyna bolan ynanjymyzy görkezýär”.
Şenbe güni geçirilen dabaraly çäre Arizona Döwlet Uniwersitetiniň “Thunderbird” Bütindünýä Dolandyryş Mekdebi tarapyndan işlenip düzülen onlaýn işewürlik kursundan, her hepde geçirilýän ýüzbe-ýüz duşuşyklardan, telekeçilik taslamasynyň üstünde işlemekden ybarat bolan üç aýlyk işi jemledi. AWE – Döwlet departamentiniň maksatnamasy bolup, ol zenan telekeçilere üstünlikli kompaniýalary başlatmak we ösdürmek üçin zerur bolan bilim, network we elýeterlilik bilen üpjün edýär. Şenbe güni jemlenen maksatnamanyň 50 uçurymy 25 müňden gowrak AWE talyplaryndan ybarat bütindünýä jemgyýetine goşuldy.