Kamerunyň öňki Premýer-ministri Filemon Ýang BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy wezipesine saýlandy. Amerikanyň “Report” býurosynyň habaryna görä, bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň wekili Monika Greýli mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, Baş Assambleýa indiki 79-njy mejlisiň başlygyny kesgitlemek üçin 193 agza döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda ses berdi. Filemon Ýang şu ýyň sentýabr aýynda wezipesine girişer. Şeýle-de, Greýli 6-njy iýunda Baş Assambleýanyň 2025-2026-njy ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň bäş wagtlaýyn agzasy üçin saýlaw geçirilendigini sözüniň üstüne goşdy.
Baş sekretar Antoniu Guterriş Ýangy saýlanmagy bilen gutlap, Baş Assambleýanyň häzirki başlygy Dennis Frensisiň “Assambleýanyň işine deňsiz-taýsyz diplomatiýa ussatlygy bilen ýolbaşçylyk edendigini” aýtdy. Filimon Ýang öz gezeginde, başlyk saýlamak üçin ses beren Afrika ýurtlarynyň wekillerine hoşallygyny bildirdi. Ol Assambleýada işlän döwründe dünýä jemgyýetçiligine mynasyp hyzmat etjekdigini aýtdy.
Baş Assambleýa BMG-niň esasy syýasy guramasydyr. Ähli agza döwletleri birleşdirýän Assambleýa, BMG-niň Düzgünnamasynda göz öňünde tutulan halkara meseleleriniň ähli ugurlaryny köptaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly platforma bolup hyzmat edýär.
BMG-ä agza 193 döwletiň her biriniň Baş Assambleýada ses bermäge hukugy bar. Ol Howpsuzlyk Geňeşiniň teklibi boýunça Baş sekretaryň bellenilmegi we wagtlaýyn agzalaryň saýlanmagy ýaly BMG üçin möhüm kararlary kabul edýär. Baş Assambleýa her ýyl sentýabrdan dekabr aýyna çenli yzygiderli mejlislerde ýygnanýar.