7-nji iýunda ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna badalga berildi. 31-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde tassyklanan tertibe laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary galla oragyna 7-nji iýunda girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary bolsa olara 14-nji iýunda goşularlar. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular galla oragyna ak pata berdiler.
Şu ýyl türkmen gallaçylaryna bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna galla hasylyny ýygnap almak wezipesi öňde goýuldy. Oba hojalyk ýerlerinde bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.
Bu galla oragy möwsüminde tutuş ýurdumyz boýunça bugdaý ýygyjy kombaýnlar, döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalar işlediler. Olar gije-gündiz işlemek bilen, ekerançylaryň ýetişdiren bol hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam eder. Şeýle hem göçme mehaniki-abatlaýyş toparlarynyň ýüzlerçesi hyzmat edip, galla oragy möwsümine gatnaşýanlaryň ählisi üçin zerur bolan durmuş şertleri üpjün ediler, ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary, göçme söwda nokatlary guralar. Oba hojalyk möwsümi üçin ulag serişdeleri, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gelip gowuşýan galla hasylynyň hilini anyklamaklary üçin barlaghanalar taýýarlanyldy.
Galla oragyna girişilmegi mynasybetli dürli oba hojalyk, çörek önümleri we döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen tanyşdyrýan sergiler guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz, folklor-horeografik toparlary ekerançylar üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar.