7-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Şolaryň hatarynda Koreýa Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen hyzmatdaşlyk okgunly, özara bähbitli häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýär. Söwda-ykdysady ulgam bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk hem türkmen-koreý gatnaşyklarynyň aýratyn bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň amala aşyrjak döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belledi. Soňky ýyllarda nebitgaz, himiýa we ulag ulgamlarynda durmuşa geçirilen ençeme bilelikdäki taslamalar munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini nygtady. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, gatnaşyklaryň köpugurly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer, daşary işler ministrine hem-de Ministrler Kabinetiniň beýleki agzalaryna ýüzlenip, bu saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.