Hytaýdaky Sinhaý-Tibet daglygyndaky kölleriň meýdany soňky 30 ýylda 10 müň inedördül kilometrden gowrak möçberde giňedi. Munuň ählumumy maýlama bilen baglydygy barada Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Sinhaý-Tibet daglyklary boýunça ylmy-barlag institutynyň alymlary mälim etdiler.

Geçirilen ylmy-barlaglarda howa näçe maýyl boldugyça, daglykdaky kölleriň giňelýändigini görkezipdir. Bu suw basmasynyň töwekgelçiligini artdyrdy, biodürlülige hem-de ekoulgama täsir etdi.

Maglumatlara görä, şu asyryň ahyryna çenli kölleriň meýdany ýene 20 müň inedördül kilometr giňeler. Bu suwuň derejesiniň 10 metr töweregi, möçberiniň 652 milliard metr tonna artmagyna getirer. Bu öz nonbatynda howada bug gazlarynyň köp toplanmagyna hem-de ählumumy maýlamanyň artmagyna sebäp bolar.

“Häzir ýokarda ýatlanan çäklerde umumy meýdany 50 müň inedördül kilometr bolan 60 müň töweregi köl bar” diýip, “China Daily” ýazýar.