Daniýa, Gresiýa, Pakistan, Somali we Panama 2025-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli döwürde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalary bolarlar. Bu barada bütündünýä guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararynda bellenilýär. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine jemi 15 döwlet girýär. Her bäş ýyldan 5 sany hemişelik däl agzaý ýurtlar ony terk edýär we olaryň ýerine täzeleri saýlanýar.
Hemişelik däl agza bolmak üçin dalaşgär döwletiň Baş Assambleýanyň degişli ýygnagynda zalda oturanlaryň azyndan üçden ikisiniň sesini almagy gerek. Agzalan ýurtlar Şweýsariýanyň, Maltanyň, Ýaponiýanyň, Ekwadoryň we Mozambigiň ýerini alarlar. Bu döwletleriň hemişelik däl agza hökmündäki ygtyýarlylyk möhleti şu ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanar.