Aşgabada iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler.
Türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy. Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.