Türkmenistanyň Şweýsariýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wepa Hajiýew Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Wiola Amherde şahsyýetnamalaryny gowşurdy. Dabara 11-nji iýunda Bern şäherindäki Federal köşkde geçirildi.
Söhbetdeşlikde ilçi W. Hajiýew Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Wiola Amherde mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we dostlukly gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, Şweýsariýa maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny ýurda çekmek ýaly medeni-ynsanperwer ugurlardaky gyzyklanmasyny beýan etdi.
Şweýsariýanyň Prezidenti mähirli salamlar we ýakymly arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.
Wiola Amherd Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly salam ýollady.