11-12-nji iýun aralygynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjyň çäklerinde Gümrük gulluklaryň ýolbaşçylarynyň 9-njy duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Päkistan Yslam Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Türkiýe Respublikasynyň Söwda ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň işgärleri duşuşykda synçy hökmünde wekilçilik etdiler.
«Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjy BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň we Bütindünýä gümrük guramasynyň bilelikdäki «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» maksatnamasynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
Şu ýylky duşuşygyň esasy temalary Port gözegçilik toparlaryň arasynda ýokary töwekgelçilikli ýükler barada deslapky maglumatlary alyş-çalyş etmegiň mehanizmini döretmek; «Ýokary töwekgelçilikli ýükler üçin sebitleýin duýduryş ulgamy – RECASIS» ulgamyny durmuşa geçirmek; «ContainerCOMM» platformasynyň ykjam goşundy görnüşini işläp düzmek hem-de Täjigistanda we Özbegistanda täze Port gözegçilik toparlaryny döretmek boldy.
Duşuşygyň dowamynda şeýle-de «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek» maksatnamasynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetirilişi, geljekki öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu bilen bagly ileri tutulýan ugurlar kesgitlenildi.
Çäre, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýakyndan ýardam bermeginde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen bilelikde geçirildi.
Çeşme: customs.gov.tm