10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň giň möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, söwda-ykdysady, ulag, energetika ulgamlaryny, ýokary tehnologiýalary we beýleki ençeme pudaklary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Taraplar däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sport boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler «Soltan Sanjar» zalynda iki ýurduň resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ulgamda ygtybarly hyzmatdaşlardyr. Biz Koreýa Respublikasynyň mümkinçiliklerini, ykdysady, tehnologik derejesini oňat bilýäris. Türkmenistan hem uly mümkinçiliklere, tebigy baýlyklara, geoykdysady artykmaçlyklara eýe bolan kuwwatly döwletdir. Biziň maksadymyz bu mümkinçilikleri iki döwletiň ösmeginiň, halklarymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine utgaşdyrmak bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we koreýaly hyzmatdaşlary bu ugurda bilelikde işlemäge çagyrdy.
2008-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary döredildi we häzirki wagtda-da hereket edýär. Şeýle hem 2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistan–Koreýa» işewürler geňeşi döredildi. Maýa goýum hyzmatdaşlygy ösdürilýär. Bilelikde iri taslamalaryň birnäçesi amala aşyryldy. Şolaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käninde kükürt arassalaýan zawod hem bar. Bu zawod konsorsiumyň düzüminde koreý korporasiýalarynyň gatnaşmagynda guruldy. Biz iri koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işini goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň iki tarap üçin hem bähbitli bolmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, gürrüňiň häzirki döwürde Aziýa–Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogara yklymüsti üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek barada barýandygyny belledi. Türkmenistanda ol «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasy» diýlip atlandyrylýar.
Türkmenistanda şäherleriň täze keşbini döretmekde Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna aýratyn üns çekildi.
Howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak bilen bagly meseleleri çözmek boýunça hyzmatdaşlykda uly mümkinçilikleri görýäris. Biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda halkara başlangyçlary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, koreý tarapy bilen metanyň howa zyňylmagyny azaltmak babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk beýan edildi. Maglumat tehnologiýalary we emeli aň, telekommunikasiýa, kosmos ulgamlarynda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Türkmenistan we Koreýa Respublikasy bir bitewi medeni giňişlige degişlidir. Ýurtlarymyzyň halklary dünýägaraýşy, medeniýeti, edebi ýörelgeleri boýunça biri-birine ýakyndyr. Bu bolsa medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňat esaslary döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Ylym we bilim hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Saglygy goraýyş we lukmançylyk hyzmatdaşlygy hem uly orna eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we iki ýurduň iri lukmançylyk merkezleriniň, uniwersitetleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda-da hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, koreý türgenlerini geljekki döwürde ýurdumyzda geçiriljek iri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaga çagyrdy.
Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasatda hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berildi. Biz bu ulgamda Koreýa Respublikasynyň ileri tutýan ugurlaryny bilýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde dostlukly ýurt bilen bilelikde halkara we sebit ösüşiniň maksatlaryny üpjün etmekde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy. Mundan başga-da, «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatynda özara hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi. 2023-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Bu forum hyzmatdaşlygyň ykdysady kuwwatyny giňeltmegiň, logistik mümkinçilikleri artdyrmagyň möhümdigini görkezdi.
Biz «Koreýa-Ýüpek ýoly» (K-Silk Road) hyzmatdaşlyk başlangyjynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmegini goldaýarys. Bu başlangyç Merkezi Aziýa boýunça ilkinji strategiýa bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimizi we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mübärekläp, Koreýa Respublikasynyň ýakyn dosty bolan Türkmenistana gelip görmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Prezident Ýun Sok Ýol ösüşiň ägirt uly kuwwatyna eýe bolan we okgunly ösýän Merkezi Aziýa sebitine tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň bu sebitde möhüm hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Energetika ulgamynda gazanylan üstünliklere, ynanyşmagyň derejesine daýanyp, hyzmatdaşlygy, şol sanda saglygy goraýyş, telekommunikasiýa, gämi gurluşygy ulgamlarynda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmek zerurdyr.
Belent mertebeli myhman syýasy ulgamdaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, 2022-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň, 2023-nji ýylda bolsa «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilendigini nygtady. Parlamentara hyzmatdaşlyk hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Koreý Lideri şu ýyl Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Prezident Ýun Sok Ýol söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçip, şu saparyň netijeleri boýunça söwdany hem-de maýa goýumlary höweslendirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýändigini belledi. Maliýe edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama hem zawodlary gurmak boýunça gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder diýip, dostlukly döwletiň Baştutany belledi.
Koreýa Respublikasynyň Hökümeti geçen hepdede Merkezi Aziýa babatda ilkinji diplomatik strategiýany – «Koreýa-Ýüpek ýoly» (K-Silk Road) hyzmatdaşlyk başlangyjyny hödürledi. Onuň çäklerinde energetika, serişdeler, infrastruktura we döwlet dolandyryşy ulgamynda, senagatlaşdyrmak, azyk howpsuzlygy babatda, medeni-ynsanperwer alyşmalar ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar.
Dostlukly döwletiň Baştutany biziň ýurtlarymyzyň ýakyn dostlar hökmünde halkara giňişlikde, hususan-da, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Koreýa Respublikasynyň tagallalaryny goldajakdygyna ynam bildirdi.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, «Seljuk han» zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary «Magtymguly» zalyna bardylar we şol ýerde metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Şol gün belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bu ýerde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
Agşam hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.