Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça kesgitlenen çäreleriň çäklerinde ýurdumyz “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşar. Bu sergi Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriler. Halkara sergi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady-medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy dürli pudaklaryň, hususy haryt öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy, eksport ugurly harytlarymyzyň Hytaý bazaryna ýerlenilişini artdyrmaga, söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer. Halkara sergi şu ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda geçiriler.
Bu barada 14-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabat berdi.