14-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, bu döredijilik çäresini şu ýylyň oktýabrynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Festiwala Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkiýeden teatr toparlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe dabaralara we çärelere badalga berlendigini belledi hem-de şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalyny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.