Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndy tapyldy. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň Ylymlar akademiýasynyň numizmatlary bilen bilelikde geçiren deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklanyldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler köneürgenç türkmenleriniň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr. Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylaryň “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanylýar. Bu barada 14-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.
Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bu tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak dabarasyny şu ýylyň 22-nji iýunynda geçirmek baradaky teklibi hödürlendi. Dabaranyň çäklerinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly iş maslahatyny hem-de muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu tapyndylary tapan we olary döwlete tabşyrmak işlerine gatnaşan adamlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär.
Suratda: Köneürgençdäki Soltan Tekeşiň aramgähi.