Hususy pudagyň, Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň, şeýle hem Oba hojalygy ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat türkmen wekiliýeti oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döredýän “Green Tech Amsterdam 2024” atly halkara sergisine 10-14-nji iýunda Niderlandlara boldular. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Çäräniň dowamynda türkmen gatnaşyjylary oba hojalygyndaky täzelikler we ösen tehnologiýalar bilen tanyşdylar, bazaryň öňdebaryjy öndürijileri bilen duşuşdylar we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, oba hojalygy we durnukly tejribe pudagynda işewür gatnaşyklaryna gözegçilik edýän Gollandiýaly esasy guramalar bilen birnäçe duşuşyk geçirildi. Bu bolsa bilelikdäki taslamalar üçin ugurlary kesgitlemek üçin mümkinçilik döretdi.
Şeýle hem, türkmen wekiliýeti tohumlar, ýyladyşhana tehnologiýalary we suw tygşytlaýyş ulgamlary ugrunda iş alyp barýan Gollandiýaly öňdebaryjy kompaniýalara baryp gördi.
Şeýle hem “Green Tech Amsterdam 2024” atly serginiň çäklerinde Belgiýadaky ilçihana tarapyndan türkmen forumy geçirildi. Bu çäre, ýurduň oba hojalygyna maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin daşary ýurt kompaniýalaryny, türkmen işewürlerini we halkara maliýe guramalaryny bir ýere jemledi.