Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary, meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibiniň taslamasy taýýarlandy.
Hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň kanunlaryndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliginiň ösüşiniň yzygiderli gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýokarda agzalan resminama taýýarlanyldy. Taslamada bu ulgamda gatnaşyklary düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ylmy-tehniki maglumatlar ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy-barlag işleriniň ygtybarly maglumatlar binýadyny döretmek, ylmy-tehniki maksatnamalary taýýarlamak hem-de ýerine ýetirilişini döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu barada 14-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.