Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy dili senaly il sylagly ýaşulylarymyzyň “bismillasy” bilen goýny 360 pirli Daşoguz welaýatynyň galla kärendeçileri galla oragyna guramacylykly girişip, bu jogapkärli möwsümi barha ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Köneürgenç etrabynyň oba hojalykçylary galla oragy möwsümine ähli taraplaýyn ykjam taýýarlykly gelmegi, orak möwsüminde ähli işçi düzümiň sazlaşykly alnyp barylmagyna, kärendeçileriň ýylyň dowamynda çeken päk zähmetiniň netijesinde ýetişen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap watan harmanyna tabşyrmaga uly mümkinçilik berýär. Munuň şeýledigine orak geçirilen ýerleriň gektar sanynyň barha artýandygy, galla harmanlarymyzyň gün-günden barha beýgelýändiginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylymyz diýseň ýagyş-ýagmyrly, ygally boldy. Ýylyň ygally bolmagy şol ýylyň hasylly boljagyny alamatlandyrýandygyny ata-babalarymyz belleýärler. Häzirki wagtda orak geçirilen ýerlerde her gektaryň hasyllylygynyň ýokary görkezijilere eýe bolmagy munuň şeýledigini tassyklaýar. Şu günlerde etrabymyzyň haýsy daýhan birleşigine baryp, kärendeçi daýhanlar bilen söhbetdeş bolanymyzda meýilnamasyny artygy bilen berjaý edendigi barada hoş habary uly buýsanç bilen aýdyp, bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmäge, halal baýamaga ähli mümkinçiligi döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan hoşallyk sözleri ýürekleriniň törinden çykýar.
Etrap boýunça 17500 gektar ýerde ýetişen galla hasylyny gysga wagtda ýygnap Watan harmanyna tabşyrmak ugrunda etrap obahyzmat önümçilik kärhanasyna degişli kombaýnlaryň 35 sanysy iş alyp barýarlar. Her bir kombaýna köp iş ýyllyk tejribesi bar mehanizatorlaryň we kömekçi mehanizatorlaryň berkidilmegi, galla oragynyň iki çalşykda gitmegine mümkinçilik berýär. Obahyzmat önümçilik kärhanasy tarapyndan ýörite göçme abatlaýjy toparlaryň döredilmegi, orak möwsümine gatnaşýan kombaýnlara iş üstinde ýangyç we beýleki tehniki hyzmatlary görkezmegi tehnikalaryň hemişe saz işlemegine şert döredýär. Şeýle hem taýýar hasyly galla kabul ediji nokatlara daşamakda awtoulag kärhanasyna we beýleki edara-kärhanalara degişli bolan ýük awtoulaglaryň 180-e golaýy bökdençsiz işledilýär. Galla oragy etrabymyzyň Bereket, Galkynyş, Täzeýap, Zaman daýhan birleşiklerinde has-da ýokary depginlerde barýar. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy netijesinde galla harmanlary barha beýgelýär. Hasyldan boşan meýdanlarda ýerleri bugdaý samanlaryndan arassalamak, sürüm isini geçirmek ýaly işlere-de girişildi.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.