Günorta Amerikanyň çempionaty bolan 48-nji Kopa Amerika Argentina – Kanada duşuşygy bilen badalga aldy. Duşuşykda soňky çempion Argentina 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Tangoçylara ýeňiş getiren gollary 49-njy minutda Hulien Alwares hem-de 88-nji minutda Lionel Messiniň pasyndan soň Lautara Martines derwezä girizdi. Şeýlelikde, Argentinanyň ýygyndysy Kopa Amerika ýeňiş bilen başlady. 2-nji goluň pasyny beren Lionel Messi 7 Kopa Amerika ýaryşynda asist eden ilkinji futbolçy boldy.