3-nji sentýabrda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynda ynsanperwer gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňelmegine, türkmen hem-de hindi ýokary okuw mekdepleriniň arasynda degişli maksatnamalar boýunça Ähtnamalardyr ylalaşyklaryň esasynda göni aragatnaşyklary ösdürmek we degişli ugurlardaky mümkinçilikleri artdyrmaklyga möhüm üns berilýär, bu jähtden hem şu okuw ýylynyň ilkinji hepdesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň tanyşlyk we ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly mümkinçilikleri, döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda özara tejribe alyşmak bilen bagly hyzmatdaşlyk maksatlaryny we wezipelerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk döwlet gullukçylaryň we hünärmenleriň hünär derejesini we ukyp-başarnyklaryny, olara berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmak, halkara oňyn tejribeleri öwrenip, döwlet we jemgyýetçilik dolandyryşynyň meseleleri boýunça gazanylan tejribeleri açyp görkezmek we daşary ýurtlarda bu ugurda edilýän işler bilen diňleýjileri ýakyndan tanyşdyrmak, daşary ýurt döwletleriniň ugurdaş okuw we ylmy-barlag merkezleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek ýaly häsiýete eýe boldy. Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagy bilen, häzirki wagta çenli gazanylan üstünlikler bu öňdengörüjilikli strategiýanyň netijeliliginiň aýdyň güwäsi bolup durýar. Ýurdumyzyň halkara abraýyny belent wezipelere göterip, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!