12-nji iýunda Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerine badalga berilip, bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti guraldy hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi we milli egin-eşikleriň görkezilşi geçirildi.
Açylyş dabarasyna ýapon parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriň, jemgyýetçilik we hökümet edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary, Ýaponiýadaky daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem türkmen talyplary gatnaşdylar.
Ilçi A.Baýramow we Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary G.Myradaliýew çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjülikli syýasatynyň dürli ugurlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna goşant goşýandygyny bellediler.
Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Ş.Masuşita we Ýaponiýanyň sanly tehnologiýalar ministri T.Kono öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur ýapon ýazyjysy, Nobel Baýragynyň eýesi Kawabate Ýasunariniň heýkeliniň oturdylandygy bilen baglylykda minnetdarlyk bildirdiler.
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Tsukuba uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe duşuşyklar geçirildi.