“Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri Eziz Diýarymyzyň iň gündogarynda ýerleşýän Köýtendag tebigy Döwlet goraghanasynda “Gözel tebigatymyzy ýangyndan goralyň!” atly amaly maslahaty geçirildi. Maslahata Köýtendag şäher jemagat hojalygyndan, Köýtendag nebit önümler kärhanasyndan, Garlyk kaliý dag-magdan toplumyndan, Köýtendag etrap alyjylar jemgyýetinden, Köýtendag obahyzmat önümçilik kärhanasyndan, Köýtendag etrap Medeniýet bölüminden, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminden, etrap hassahanasyndan, Köýtendag Döwlet tebigy goraghanasyndan şeýle-de Köýtendag etrap häkimliginden wekiller gatnaşdylar. Amaly maslahatda Köýtendag Döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň agzybir işgärleri, Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri şeýle-de amaly maslahata gatnaşyjylar ösümlik we haýwanat dünýämizi goramak, ýetişdirilýän baglaryň ynsan saglygyna edýän täsiri şeýle-de tomus paslynyň golaýlaşmagy bilen ýangyn howpunyň döremegiň öňüni almagyň çäreleri dogrusyndan giňden gürrüň edildi. Amaly maslahata gatnaşyjylar Köýtendagyň iň gözel ýerlerinde boldular. Kyrkgyzyň sudurlary, Dinozawrlaryň aýak yzlary, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ýer asty kölde mesgen tutan Köýteniň Kör ýalanaç balyklary amala maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Okuw maslahatyň esasy maksady tebigat gözellikleri ýangyn howpundan goramak baradaky işleri wagyz etmekden ybarat boldy. Hünärmenleriň dürli temalarda eden çykyşlary bolsa olaryň täsirliligini artdyrdy. Amaly okuw maslahatyny ýylyň dowamynda esasan-da tomus paslynda giňden ýaýbaňlandyryp, ilat arasynda, edara-kärhanalarda ýygy-ýygydan bolup, wagyz-nesihat geçirmek meýilleşdirildi.

Çeper Jumaýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat işgärler bölüminiň hünärmeni.