Awst­ri­ýa­nyň Halls­tatt şä­he­ri er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly owa­dan gur­lu­şy bi­len sy­ýa­hat­çy­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Halls­tät­ter kö­lü­niň gü­nor­ta-gün­ba­tar ke­na­ry bi­len Daçş­teýn da­gy­nyň dik ga­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da owa­dan peý­za­žy eme­le ge­tir­ýän şä­he­re aw­tou­lag­ly ýa-da ot­lu­ly ba­ryp bol­ýar. 59 müň 72 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän Halls­tatt şä­he­ri de­ňiz de­re­je­sin­den 511 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýär.
Meş­hur sy­ýa­hat­çy­lyk şä­he­ri «Marktp­latz Halls­tatt» at­ly ki­çi­jik meý­dan­ça­sy bi­len myh­man­la­ry gar­şy­la­ýar. Şä­he­riň 3-4 gat­ly pes­se­jik jaý­la­ry we be­ýik­li-pes­li daş­ly kö­çe­le­ri XVI asy­ry ýa­dy­ňa sal­ýar. Alp dag­la­ry­nyň ete­gin­dä­ki şä­her­de dün­ýä­niň iň ga­dy­my duz kän­le­ri­niň bi­ri bo­lan Salz­wel­ten Halls­tatt we Be­in­ha­us şah­ta­la­ry bar. Hä­zir­ki wagt­da mu­zeý hök­mün­de ula­nyl­ýan bu ýe­re rels­ler­den ýö­re­ýän ara­ba­la­ra mü­nüp ba­ryp bol­ýar. Duz mag­da­ny­na bar­mak is­le­ýän­le­re il­ki ýö­ri­te go­rag eşik­le­ri geý­di­ril­ýär. Soň­ra ýö­ri­te ýe­ras­ty mu­ze­ýe äki­dil­ýär.
Halls­tatt şä­he­ri­ni ýo­kar­dan syn­la­nyň­da has owa­dan gö­rün­ýär. Kö­lüň ke­na­ryn­da­ky şä­her­de ga­ýyk­ly ge­ze­lenç­ler hem gu­ral­ýar. Ýer­li we da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň köp ge­lim­-gi­dimli ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan «er­te­ki şä­he­ri­niň» ila­ty müň­den geç­me­ýär. Ýy­lyň her möw­sü­mi baş­ga­ça gö­zel­li­ge bes­len­ýän bu şä­her Awst­ri­ýa­nyň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Şä­he­riň her kün­je­gin­de şu gü­ne çen­li sak­la­nyp ga­lan ta­ry­hy bi­na­la­ry gör­mek bol­ýar. Hy­ýa­ly film­ler­dä­ki gö­zel­lik­le­ri göz öňüň­de jan­lan­dyr­ýan bu şä­her­de ýa­dy­gär­lik sow­gat­lyk­la­ry we duz sa­tyl­ýan ýö­ri­te dü­kan­lar bar. Halls­tatt şä­he­ri­niň kö­çe­le­rin­den ýö­räp bar­ýar­kaň özü­ňi hy­ýa­ly dün­ýä­de er­te­ki­ler­dä­ki ýa­ly duý­ýar­syň.