Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylynyň uçurymlarynyň gutardyş dabaralary geçirildi. Golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem şeýle dabara geçirildi. Şu ýylda ýokary okuw mekdebini hünärleriň 30-syndan 1 müň 521 uçurym tamamlady. Olaryň 1 müň 461-si hünärmen, 40-sy bakalawr, 20-si magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilime eýe boldular. Uçurymlaryň 94-si bolsa okuwlaryny tapawutlanan diplom bilen tamamladylar. Şunlukda, ýaş hünärmenleriň ýene-de bir tapgyry dabaraly ýagdaýda zähmet ýoluna ugradyldy. Uçurymlara ak ýol arzuwlamak maksady bilen guralan dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan ybarat jemleýji döwlet synag toparlarynyň başlyklary, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we uçurymlary gatnaşdylar.
Nygtalyşy ýaly, uçurymlar häzirki zaman türkmen jemgyýeti hem-de hünär dersinden döwlet synaglaryny tabşyryp, diplom işlerini goradylar. Dabarada tapawutly we göreldeli okan, döwlet hem halkara derejedäki ders, ylmy-taslama, döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan, sportda, medeni-jemgyýetçilik çärelerinde işjeňlik görkezen uçurymlara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýokary okuw mekdebiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň höwesjeňleriniň we uçurym talyplaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly, edebi-çeper çykyşlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.