ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu S.Klimow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar. Tejribeli diplomat şu mynasybetli 24-nji iýunda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda geçiren metbugat ýygnagynyň çäginde bäş ýyllyk işiniň netijelerini jemledi. Çärä ýerli we daşary ýurtlaryň ýurdumyzda akkreditirlenen habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
ABŞ-nyň ilçisi Metýu S.Klimow çykyşynda Türkmenistandaky diplomatik işiniň dowamynda söwda, energetika, medeniýet, bilim we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikler hem-de bilelikde ýerine ýetirilen taslamalar barada gürrüň berdi. Şeýle hem, diplomat Türkmenistanda bäş ýyl işlän döwrüniň ýakymly ýatlamalary barada aýtdy. Ol wezipe möhletiniň dowamynda diňe ýurduň paýtagtynda bolman, eýsem welaýat merkezlerinde, ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde hem saparda bolandygyny belledi.
Žurnalistleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky sowallaryna beren jogabynda bolsa ilçi bu hyzmatdaşlygyň ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Elizabet Ruduň diplomatik işiniň dowamynda hem mynasyp derejede ösjekdigine ynam bildirdi. Klimow hanym Ruduň 23-nji iýulda Türkmenistana geljekdigini habar berdi.
Metbugat ýygnagy jenap Klimow tarapyndan türkmen halkyna we ýurduň hökümetine beýan edilen ajaýyp arzuwlar bilen tamamlandy.
Ýeri gelende bellesek, mundan ozal 2022-nji ýylyň awgustynda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden ýolbaşçylyk edýän administrasiýasynda täze ýolbaşçylary wezipe bellemek baradaky başlangyçlaryny öňe sürüpdi. Prezident Baýdeniň dürli wezipeler üçin görkezilen dalaşgärleriň arasynda ABŞ-nyň käbir ýurtlardaky ilçileri hem bolup, şol sanawda Elizabet Rud ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde dalaşgär görkezilipdi.