27-nji iýunda Ýewropa Geňeşiniň sammiti Ursula fon der Lýaýeni (Germaniýa) Ýewropa Komissiýasynyň Prezidenti wezipesine ikinji möhlete hödürlemek kararyna geldi.
Bu barada Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel jemgyýetçilik torunda mälim etdi. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary Portugaliýanyň öňki Premýer-ministri Antoniu Koştany Ýewropa Geňeşiniň başlygy we Estoniýanyň Premýer-ministri Kaýa Kallasy Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edarasynyň başlygy wezipesine saýlamak barada ylalaşyk gazandylar.
-Men öz borçlarymy çuňňur düşünmek bilen, Ýewropa Geňeşiniň indiki başlygy bolmak jogapkärçiligini kabul edýärin – diýip, A. Kosta X sosial ulgamynda belledi. Ol Ýewropa Bileleşigine agza 27 ýurduň arasynda agzybirligi berkitmäge doly ygrarlydygyny we sammitde tassyklanan geljek bäş ýyl üçin strategiki meýilnamany durmuşa geçirmäge ünsüni jemlejekdigini sözüniň üstüne goşdy.
“Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bolsa, A. Kostanyň we K. Kallasyň bellenmegine garşy ses berdi we fon der Lýaýeniň gaýtadan saýlanmagyndan saklandy. Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Ursula fon der Lýaýene garşy ses berdi, A. Kostany goldady we K. Kallasyň bellenmeginden saklandy” diýip, “Euronews” habar gullugy diplomatik çeşmelere salgylanyp, habar berdi.