28-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasa eýerip, toplumda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.
Ir säher bilen hormatly Arkadagymyz täze şäheriň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň athanasynda idedilýän Hanbeg atly mele bedew bilen didarlaşdy.
Bu ýerde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan ussat atşynas Arkadagymyz Hanbeg atly ata atlanyp, birsellem ýöriş etdi.
Arkadag şäheriniň çäginde täze athana toplumynyň gurulmagy, bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hereket etmegi, dünýä derejesinde bina edilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň bolmagy milli atşynaslyk ýörelgeleriniň hemmetaraplaýyn, ylmy esasda ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Soňky ýyllarda bu künjekde Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça atçylyk pudagynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan birnäçe desgalar toplumy bina edildi. Aba Annaýew adyndaky şäherçede atşynaslara niýetlenen kottejler toplumy täze şäheriň binagärlik keşbi we bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär.