Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar, strategiýalar, konsepsiýalar we meýilnamalar kabul edilýär, döwletimiziň, jemgyýetimiziň ösüşiniň esasy ugurlary nazara alnyp, ygtybarly kanunçylyk-hukuk binýady döredilýär. “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan “Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibiniň” taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylyşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň maliýe, maddy, işgärler mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, ylmy hem-de tehnikany ösdürmäge we beýleki wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Bu barada 28-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.