1937-nji ýylyň 30-njy iýunynda Londonda dünýäde ilkinji bolup gyssagly telefon belgisi döredilýär. 1935-nji ýylda şäheriň Wimpol köçesiniň 10-njy jaýynda ýangyn döreýär. Goňşusy ýangyn howpsuzlyk gullugyna näçe jaň etse-de, wagty bilen düşüp bilmeýär. Ol bu barada “The Times” gazetine ýazýar. Soňra bolsa bu barada derňew geçirilip, gyssagly ýagdaýlar üçin aýratyn belgi döredilmegi barada karara gelinýär. Netijede hemmeler üçin aňsat bolan 999 belgisi döredilýär. Wagtyň geçmegi bilen ýurduň çäginde we beýleki ýurtlarda hem şeýle belgiler döredilýär. Birleşen Patyşalykdan başga-da birnäçe Aziýa we Afrika ýurdunda hem 999 belgisi gaýragoýulmaz ýagdaýlarda peýdalanylýan ýeke-täk belgidir.