Hytaýda ýurduň iň uly ulag taslamalarynyň biri – Şençžen-Çžunşan deňiz ýoly açyldy. Bu taslama jemi içerki önümi 2 trillion dollara barabar bolan Gonkong bilen Makaony öz içine alýan şäherleriň arasyndaky baglanyşygy has-da gowulandyrmak maksady bilen döredildi. Toplumyň esasy bölegi Lindinýan köprüsi bolup, onuň beýikligi 270 metre, esasy sütüniň uzynlygy bolsa, 1666 metre deňdir. Ol özüniň polat guty pürsli tehnologiýasy bilen dünýäniň iň uly deňiz asma köprüsi hasaplanýar. Şeýle-de ýol gurluşykçylary bir günde 22,600 inedördül metrden gowrak asfalt çekmegiň hötdesinden gelip, ýene-de bir rekord goýdular.
24 kilometrlik Şençžen-Çžunşan awtoulag ýoly iki köpri, iki emeli adany we 6,8 kilometr suwasty tunneli öz içine alýar. Bu awtoulag ýoly Şençžen we Çžunşan şäherleriniň arasyndaky ýoluň wagtyny iki sagatdan 30 minuta çenli azaldar diýlip garaşylýar. 85 milliondan gowrak ilaty bolan bu sebit indi işewürlik we syýahatçylyk üçin has elýeterli bolar. Taslamanyň gurluşygy ýedi ýyl dowam etdi we umumy çykdajylar 1,5 milliard dollar boldy. Magistraldan geçen ilkinji awtoulag “BYD YangWang U8” boldy. Ýatlap geçsek, golaýda Şençžen şäherindäki BYD zawody günde 750 awtoulag öndürip ugrady.