EURO 2024-de 1/8 final duşuşyklarynyň soňky gününde çärýek finala çykan 7-nji topar Niderlandlaryň ýygyndysy boldy. Münhendäki Allianz Arenada oýnalan duşuşykda Niderlandlaryň ýygyndysy Rumyniýanyň ýygyndysyny ýeňillik bilen utdy. Kodi Gakponyň 20-nji minutdaky owadan goly bilen öňe geçen pyrtykal reňkliler oýnuň ahyrlarynda ýene-de 2 gol saldy. Gollaryň ikisini hem oýna soň goşulan Donýell Malen geçirdi. Ol 83-nji we 90+3-nji minutlarda tapawutlanyp, Ýewropa çempionatynda pleý-off tapgyrynda oýna soň girip, 2 gol geçiren ilkinji niderland futbolçysy boldy. Şunlukda, Niderlandlaryň ýygyndysy 5-nji gezek çärýek finalda oýnar.