3-4-nji iýulda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 24-nji mejlisi geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin 2-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin döwlet sapary bilen Gazagystana bardy. Bu saparyň dowamynda Gazagystan bilen Hytaýyň işewür düzümleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi. Onda umumy bahasy 3,7 milliard dollara barabar bolan 40-dan gowrak şertnama gol çekildi.
Gol çekilen şertnamalaryň 16-syna golaýy Gazagystanyň “Samryk-Kazyna” milli kompaniýasy bilen baglaşyldy.
Şertnamalara laýyklykda, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyklar ösdüriler. Şeýle hem Hytaý Gazagystana 200-den gowrak lokomotiw iberer.
Işewürler maslahatyna gazak tarapyndan hususy pudagyň 500-den gowrak wekili, hytaý tarapyndan 50 iri kompaniýanyň ýolbaşçysy gatnaşdy.