Argentinada deňiz doňdy

66

Argentinanyň Patagoniýa sebitinde seýrek duş gelýän tebigy hadysa bolup geçdi. Kenara urýan tolkunlar doňup, buza öwrüldi. Günorta polýusa ýakyn bolan bu ýerde şeýle ýagdaý mundan ozal 2020-nji ýylda hem bolup geçipdi. Şonda deňiz tolkunlary, turbageçirijiler we awtoulaglar buza öwrülipdi.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda günorta ýarym şarda gyş pasly dowam edýär.