Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin iş saparyna gitdiler. Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny dowam edip gelýär. Soňky ýyllarda biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar medeni-ynsanperwer ulgamda hem işjeň häsiýetde ösdürilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, geçen ýylyň 3-nji no­ýabr­da As­ta­na bo­lan iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.Şonda türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri As­ta­na şä­he­rin­de türk­me­niň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň heý­ke­li­ni oturt­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy üçin goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­ta­ny­na min­net­dar­lyk bil­dir­di.