Ýaponiýada 2004-nji ýyldan bäri ilkinji gezek täze banknotlar dolanyşyga goýberildi. Ýurduň Merkezi banky täze banknotlary köpçülige görkezdi. Merkezi bankyň başlygy Ueda Kazuonyň gatnaşmagynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda 1000, 5 000 we 10 000 ýapon ýeni görkezildi.
Ueda beýeki Aziýa ýurtlaryna garanyňda Ýaponiýada nagt däl hasaplaşygyň pes derejededigini belläp, nagt puluň ygtybarly töleg serişdesi hökmünde ýurduň geljeginde ähmiýetiniň uludygyny aýtdy. Merkezi bank, ilkinji nobatda, umumy gymmaty 1,6 trillion ýen (9,9 milliard dollar) bolan banknotlary dolanyşyga goýbermegi meýilleşdirýär.
Täze banknotlardaky ýerli dildäki “kanji” sanlary has gowy görünmegi üçin uly edilipdir.
Milli çap býurosy (NPB) täze banknotlarda ilkinji gezek 3D gologramma tehnologiýasyndan peýdalanylandygyny mälim etdi.
Täze 10 müň ýenlik banknotyň öň tarapyndan ýapon senagatyny esaslandyryjylaryň biri bolan Eiiçi Şibusawanyň, arka tarapynda Tokýonyň wokzalynyň şekili ýerleşdirilipdir. 5 müň ýenlik banknotyň öň tarapynda ýapon zenanlarynyň bilim almagynda uly iş bitiren, Tsuda uniwersitetini esaslandyryjy Umeko Tsudanyň, arka tarapynda mämişi reňkli gülüň suraty bar.
1000 ýenlik puluň öň tarapynda bakteriolog Şibasaburo Kitasatonyň şekili, arkasynda ýapon Ukiýo-e surat sungatyna degişli meşhur “Kanagawadaky uly tolkun” eseri ýerleşdirilipdir.