Öňki aňtaw gullugynyň başlygy Dik Shof Niderlandlaryň täze Premýer-ministri hökmünde kasam kabul edip, wezipesine girişdi. Ol ýurduň “taryhyndaky iň ýowuz immigrasiýa syýasatyny” durmuşa geçirmegi wada berýän sagçy koalisiýanyň Kabinetine ýolbaşçylyk eder.
67 ýaşly Premýer-ministr, Niderlandlaryň hökümetinde 14 ýyl işläninden soň, NATO-nyň indiki baş sekretary bolmak maksady bilen işinden çekilen Mark Rýutteniň ýerine geçdi.
Bu waka sagçy lider Geert Wildersiň geçen ýylyň noýabryndaky saýlawlarda gazanan ýeňşinden bäri dowam edip gelýän gepleşiklerden soň boldy. Wilders koalisiýa gepleşiklerini dowam etdirmek maksady bilen Premýer-ministr bolmak isleginden ýüz öwürmeli boldy.
Wildersiň sagçy partiýasy täze hökümetdäki söwda we migrasiýa ýaly 15 ministrlik wezipesinden bäşisine eýe boldy.