Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Astanada guralýan sammiti Belarusyň bileleşigiň düzümine kabul edilmegi bilen başlandy. Bu barada TASS habarlar gullugy habar berýär.
Belarusyň gurama kabul edilmegi baradaky degişli resminama ŞHG-ä agza döwletleriň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekildi.
-Belarus gysga wagtyň içinde ŞHG-ä agza bolmak üçin zerur bolan ähli işleri ýerine ýetirdi – diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belledi.
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti 3-4-nji iýulda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýär.