Angliýada şu gün ählumumy saýlawlar geçirilýär. Kanuna görä, haýsydyr partiýanyň ýekelikde häkimiýete gelip bilmegi üçin Obşinalar palatasyndaky 326 mandaty eýelemegi zerurdyr. Ýurtda 46 million töweregi saýlawçy bar. Ir bilen 07:00-da saýlaw uçastoklary açyldy. Syýasy çäre 22:00-a çenli dowam eder. Geçirilen pikir soralyşyklar Zähmet partiýasynyň 40 göterim töweregi ses aljakdygyny görkezýär. 14 ýyldan bäri häkimiýetdäki Konserwaror partiýasy saýlawda birinji bolup bilmedik ýagdaýynda koalisiýa hökümeti düzülmeli bolar.
Pikir soraşmanyň netijelerine görä, üçünji orunda sagçy Reforma partiýasy barýar.
Ýurduň hökümet başlygy Rişi Sunak 22-nji maýda nobatdan daşary saýlaw geçirmek kararyna gelipdi. Ýurtda saýlawlar 1945-nji ýyldan bäri ilkinji gezek iýul aýynda geçirilýär.
Hereket edýän saýlaw kanunyna görä, ýurtda 650 saýlaw okrug bolup, her okrugda iň köp ses alan dalaşgär deputat saýlanýar. Bir partiýanyň Obşinalar palatasynda absolýut köplügi almagy üçin azyndan 326 deputaty bolmaly. Iň köp ses alan partiýanyň başlygy bolsa, Premýer-ministr saýlanyp, oňa Patyşa tarapyndan hökümeti düzmek ynanylýar. Eger partiýalaryň hiç biri absolýut köplügi eýeläp bilmese, iň köp ses alan partiýa koalisiýa hökümetini ýa-da azlyk hökümetini düzýär.
Dalaşgärleriň köpüsi haýsydyr bir syýasy partiýa wekilçilik edýän hem bolsa, öz dalaşgärligini garaşsyz hödürlänler hem bar.