3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew çy­kyş edip, şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek, şol san­da Mil­li go­şu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek hem-de onuň äh­li ky­sym­la­ry­nyň har­by gul­luk­çy­la­ry­nyň na­za­ry bi­lim­le­ri­ni, sö­weş­jeň us­sat­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, no­bat­da­ky har­by gul­lu­ga ça­gy­ry­şyň ne­ti­je­le­ri, Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly se­ne­si my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­my­za hem-de döw­re­bap ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da, Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­mi­ziň go­ra­nyş we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge taý­ýar­ly­gy­ny, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när us­sat­ly­gy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­gy do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri­ne ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe we göz öňün­de tu­tu­lan beý­le­ki çä­re­le­re go­wy taý­ýar­lyk gör­mek, ola­ryň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek tab­şy­ryl­dy.
Baş pro­ku­ror B.Mu­ha­me­dow şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek üçin dur­mu­şa ge­çi­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň, şol san­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, dur­muş hä­si­ýet­li me­se­le­le­ri çöz­mek ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ha­kyn­da aý­dyl­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Serkerdebaşysy ha­sa­ba­ty diň­läp, ra­ýat­la­ry­my­zyň hu­kuk­la­ry­nyň, jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň bäh­bit­le­ri­niň go­ra­gyn­da du­ran döw­let eda­ra­sy hök­mün­de pro­ku­ra­tu­ra­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di. Şun­da äh­li pu­dak­lar­da ka­nun­la­ryň we hu­kuk na­ma­la­ry­nyň ta­kyk ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­me­giň ze­rur­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di.
Içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row 2024-nji ýy­lyň ýan­war–iýun aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­ni üp­jün et­mek, düz­gün bo­zul­ma­la­ryň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýol gö­zeg­çi­li­gi, ýan­gyn howp­suz­ly­gy dü­züm­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, bu gul­luk­la­ryň iş­gär­le­ri­niň ne­ti­je­li gul­luk et­me­gi, göw­ne­jaý ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp hem-de Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň işi­niň esa­sy ugur­la­ry­na ün­si çe­kip, ýur­du­myz­da hu­kuk ter­ti­bi­niň, ka­nu­ny­ly­gyň ýo­ka­ry de­re­je­de bol­ma­gy­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik ter­ti­bi­niň go­ral­ma­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki wagt­da to­mus möw­sü­mi­niň do­wam et­me­gi, ho­wa­nyň gyz­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, ýan­gy­nyň dö­re­me­gi­ne gar­şy gö­zeg­çi­lik iş­le­ri­ni alyp bar­mak tab­şy­ryl­dy.
Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy B.Ho­jam­gu­ly­ýew ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­niň şu ýy­lyň al­ty aýyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri, ka­zy­ýet işi­ni ta­la­ba­la­ýyk gu­ra­mak üçin gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem de­giş­li ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, şol san­da san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak, bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni öw­ren­mek ba­bat­da ama­la aşy­ry­lan iş­ler ha­kyn­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ka­zy­ýe­tiň äh­li işi­niň ka­nu­ny­ly­gy, ada­lat­ly­ly­gy we hu­kuk ter­ti­bi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di hem-de Ýo­ka­ry ka­zy­ýe­tiň ýol­baş­çy­sy­na ka­zy­la­ra ka­nun­çy­ly­gy ulan­mak bo­ýun­ça ug­ruk­dy­ry­jy dü­şün­di­riş­le­ri ber­me­gi, ola­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryp dur­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra mil­li howp­suz­lyk mi­nist­ri N.Ata­ga­ra­ýew ha­sa­bat döw­rün­de al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, döw­le­tiň mil­li bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak, asu­da­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek bo­ýun­ça gör­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de, ýur­du­my­zyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň, mi­nistr­li­giň de­giş­li ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ga­za­nyl­ýan uly üs­tün­lik­le­riň we ýe­til­ýän be­lent sep­git­le­riň ýur­du­myz­da howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Mil­li howp­suz­lyk mi­nistr­li­gi­niň üs­tü­ne ýük­le­nen borç­la­ryň, har­by gul­luk­çy­la­ryň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­riň örän jo­gap­kär­li­di­gi­ne ün­si çe­kip, de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let ser­het gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy Ý.Nu­ry­ýew ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, ýur­du­my­zyň ser­het­le­ri­niň yg­ty­bar­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek, ser­het ga­la­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ýaş es­ger­le­riň har­by-wa­tan­çy­lyk taý­dan ter­bi­ýe­si bo­ýun­ça gu­ral­ýan çä­re­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak ba­bat­da gör­len anyk çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ser­het­le­ri­niň goň­şy we beý­le­ki ýurt­lar bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň da­ýan­jy bol­ma­ly­dy­gy­ny, döw­le­ti­mi­ziň içe­ri, da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ma­gy­nyň ny­şa­ny hök­mün­de çy­kyş et­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň ne­ti­je­li gul­luk et­me­gi, göw­ne­jaý ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin mun­dan beý­läk-de oňaý­ly şert­ler dö­re­di­ler, ser­het bi­rik­me­le­ri­niň döw­re­bap bi­na­la­ry we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry yzy­gi­der­li gur­lar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy hem-de hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, de­giş­li çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.
Ada­lat mi­nist­ri M.Ta­ga­now şu ýy­lyň ýan­war–iýun aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, şol san­da mil­li hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le-de, de­giş­li ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da aý­dyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ilat ara­syn­da we eda­ra-kär­ha­na­lar­da ka­nun­çy­ly­gy dü­şün­dir­mek bo­ýun­ça iş­le­ri alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ýur­du­myz­da­ky il-ýurt bäh­bit­li iş­le­ri, ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri wa­gyz-ne­si­hat et­me­gi giň­den ýo­la goý­mak tab­şy­ryl­dy.
Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy M.Hu­daý­ku­ly­ýew şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­zü­mi­ni teh­ni­ki taý­dan döw­re­bap­laş­dyr­mak we dü­züm­le­ýin eda­ra­la­ryň saz­la­şyk­ly iş­le­me­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça gör­len çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy ha­sa­ba­ty diň­läp, ýö­ri­te en­jam­la­ry ulan­mak ba­bat­da har­by gul­luk­çy­la­ryň hü­när bi­li­mi­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz güm­rük bar­lag en­jam­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň in­no­wa­si­on tä­ze­lik­le­ri­ni yzy­gi­der­li öw­ren­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, gul­lu­gyň ýol­baş­çy­sy­na anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň baş­ly­gy A.Sa­za­kow ha­sa­bat döw­rün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, har­by gul­luk­çy­la­ryň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni, de­giş­li ösüş mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, gul­lu­gyň işi­niň ta­la­ba­la­ýyk gu­ral­ma­gy­nyň gul­luk­çy­la­ryň hü­när de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, mig­ra­si­ýa çä­re­le­ri­ni dün­ýä tej­ri­be­sin­de umu­my yk­rar edi­len stan­dart­la­ra la­ýyk­lyk­da ge­çir­mek üçin oňyn şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­ni ta­lap ed­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­le­ti­mi­ziň we da­şa­ry ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry ta­ra­pyn­dan mig­ra­si­ýa ka­nun­çy­ly­gy­nyň ber­jaý edi­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­mek tab­şy­ryl­dy.
Ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy mej­li­si jem­läp, Türk­me­nis­ta­nyň go­ra­nyş hä­si­ýet­li Har­by dokt­ri­na­sy­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň howp­suz­ly­gy­ny we bi­te­wü­li­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de üp­jün et­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­le­riň gö­rül­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­le­ti­mi­ziň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, Wa­tan go­rag­çy­la­ry­nyň, ola­ryň maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga uly üns be­ril­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy we bu ugur­da­ky iş­le­riň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de baş­ga-da bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ral­dy we olar bo­ýun­ça de­giş­li çöz­güt­ler ka­bul edil­di.