Her ýylyň 9-njy iýulynda Palauda Konstitusiýa güni giňden bellenilip geçilýär. Konstitusiýa güni, esasan, Ýuwaş ummanyndaky bu ýurduň paýtagty Ngerulmud we Koror şäherlerinde bellenilýär. 340 töweregi adadan ybarat bolan Respublika 1981-nji ýylda Palau Mikroneziýa Federatiw ştatlaryna goşulmagy inkär edip, Amerikan konstitusiýasyna laýyklykda döredilen öz konstitusiýasyny kabul edýär. Şeýlelikde ABŞ bilen ýygjam aragatnaşygy ýola goýýar. Ýurduň çägi has irki ýyllarda Ispaniýa, Germaniýa, Ýaponiýa we ABŞ ýaly dürli ýurtlaryň tabynlygynda bolýar. 1947-nji ýyldan 1979-njy ýyla çenli Birleşen Milletler Guramasynyň gözegçiligi astynda bolýar. 1981-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda garaşsyz döwlet bolýar. Häzirki wagtda ýurduň 18 müň töweregi bar.
Umumy meýdany 466 inedördül kilometrden ybarat bolan ada ýurdy dünýäniň iň kiçi döwletleriniň biridir.