Soccer Football - Copa America 2024 - Semi Final - Argentina v Canada - MetLife Stadium, East Rutherford, New Jersey, United States - July 9, 2024 Argentina's Lionel Messi celebrates scoring their second goal with teammates REUTERS/Agustin Marcarian

Ýewropa çempionatyndan soň ABŞ-da dowam edýän 48-nji Kopa Amerikada hem ilkinji finalçy belli boldy. Ýarym finalda Argentina bilen Kanadanyň ýygyndylary duşuşdy. Toparçada hem duşuşan toparlaryň bu duşuşygynda-da şol oýundaky netije hasaba alyndy. Argentinanyň ýygyndysy Hulian Alwaresiň 22-nji, Lionel Messiniň 51-nji minutlarda geçiren gollary esasynda 2-0 hasabynda ýeňip, Kopa Amerikada bassyr 2-nji, soňky 8 ýaryşda 6-njy, umumylykda-da 30-njy gezek finala çykdy.

Bu ýaryşda ilkinji goluny geçiren Lionel Messiniň Kopa Amerika çempionatlaryndaky gollarynyň sany 14-e ýetip, ol ýene-de 4 gezek tapawutlansa, bu ugurda iň ýokarky orna geçer. 15-nji iýuldaky finalda meýdança çykan ýagdaýynda Lionel Messi uly ýaryşlarda 7 gezek finalda oýnan ilkinji futbolçy bolar.

Argentinanyň ýygyndysy finaldaky garşydaşy Urugwaý ýa-da Kolumbiýa bolar. Duşuşyk ertir 05:00-da başlanar.